Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentine ýangyç-energetika toplumy boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdi

  • 05.01.2024 01:56
  • 11k+

4-nji ýanwarda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygynyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda «Galkynyş» gaz känini işläp geçmek we kompaniýanyň TOPH taslamasyna gatnaşmak boýunça hyzmatdaşlygy has hem işjeňleşdirmek üçin yzygiderli işleri alyp barmagy teklip etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirlikleriniň «Dragon Oil» kompaniýasy bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygynyň bardygyny belläp, Hazar deňziniň türkmen böleginde, hususan-da 19-njy blokda, uglewodorod serişdelerini gazyp almak boýunça türkmen-emirlikler özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapynyň beýan eden beýleki teklipleriniň hatarynda, emirlikleriň kompaniýalarynyň ýurdumyzyň gaz-himiýa senagatyny ösdürmek boýunça taslamalara  gatnaşmak mümkinçiligi bilen bagly teklip hem bar. 
Şeýle hem Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ekologiýa we daşky gurşawyň goragy ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Serdar Berdimuhamedowyň COP 28 ýokary derejeli maslahatyň dowamynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan edendigini ýatladyp, Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň  «ýaşyl» energetikany ösdürmek üçin Abu-Dabiniň «Masdar» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has hem işjeňleşdirmäge taýýardygyny aýtdy.


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......