BAE-de Täze ýyl feýerwerki Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

  • 04.01.2024 14:25
  • 15k+

BAE-niň Ras-el-Haýma Emirliginde ýaýbaňlandyrylan Täze ýyl feýerwerki Ginnesiň rekordlar kitabyna iki ugur boýunça girizildi: ol suwuň ýüzündäki iň uzyn feýerwerk we asmandaky iň uzyn feýerwerk boldy. Bu barada MIR24 Ras-el-Haýmanyň Syýahatçylygy ösdürmek bölümine salgylanyp habar berdi.

Feýerwerk şüweleňi Al-Marjan atly emeli arhipelak bilen Al-Hamra sebitiniň arasyndaky uzynlygy 4,5 kilometre deň bolan kenarýaka zolagynda geçirildi. Suwda oturdylan feýerwerklerden başga-da, müňden gowrak pirotehniki yşyk-diodly dronlar we çylşyrymly uçuş tilsimlerini ýerine ýetirmek üçin ýeňil motorly uçarlar ulanyldy.
Dronlar arkaly ýaýlyma berlen esasy mowzuk Ras-el-Haýmanyň häsiýetli landşafty: çöl, Pars aýlagynyň kenary we Hajar daglary boldy. Dronlar Täze ýyl şüweleňi üçin ýörite ýazylan saz eserleriniň äheňine görä hereket etdiler.
Syýahatçylygy ösdürmek bölüminiň wekili bu çäräniň bary-ýogy sekiz minut dowam edendigini we oňa, takmynan, 50 müň adamyň tomaşa edendigini aýtdy.
2022-nji ýylda hem Emirlikler «Birbada feýerwerk atýan iň köp sanly uzak aralykdan dolandyrylýan dronlar» we «Uzak aralykdan dolandyrylýan dronlar tarapyndan asmanda emele getirilen iň uzyn sözlem» ugurlary boýunça iki dünýä rekordyny goýupdy.


şu gün 00:07
935

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

25.06.2026 20:02
7.4k+

BAE-de ilkinji gezek ýolagçy otly gatnawy ýola goýulýar

Birleşen Arap Emirliklerinde 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyndan başlap, ilkinji gezek yzygiderli ýolagçy otly gatnawlary hereket edip başlar. Etihad Rail ýolagçy liniýasynyň açylmagy ýurduň ähli ýedi emirligini......

24.06.2026 09:29
4.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

19.06.2026 08:15
2.1k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......