Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Täze ýyly maşgala bolup garşyladylar

  • 01.01.2024 15:14
  • 57k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyly maşgala agzalary bilen agzybirlikde garşylady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täze ýyl Gutlagy tamamlanandan soňra, ak mermerli Aşgabadyň nurana asmanyny baýramçylyk feýerwerki gurşap aldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow maşgala agzalary bilen bilelikde asmany ýagtyldyp, adamlaryň kalbynda ýakymly duýgulary oýarýan, täze ýeňişlere ruhlandyrýan şekilleri synlady.
Türkmenistanyň Prezidenti maşgala bolup, agzybirlikde bellenilýän baýrama goşuldy.
Maşgala bolup bellenilýän baýramçylygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň agtyklary öz şatlygyny täze döredijilik sowgatlarynyň üsti bilen beýan edip, ene-atalaryny begendirdiler.
Soňra maşgala baýramçylygy dowam etdi. Ilki bilen, Aýjeren atasyndan saz çalyp, goşgy okamaga rugsat bermegini sorady. Ol atasyndan razylyk alandan soňra, saz guralynyň başyna geçip, täze öwrenen sazyny çalýar we ajaýyp goşgy setirleri bilen hemmeleri gutlady. Onuň türkmen, rus, iňlis dillerinde Täze ýyl gutlagyny aýtmagy ene-atanyň agtygyna bolan buýsanjyny artdyrdy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mähriban atly agtyjagy bolsa babasyna Täze ýyl mynasybetli daşary ýurt sazlarynyň birini çalyp berdi.


şu gün 00:03
1.5k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.3k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......