Türkiýäniň ilçisi Togan Oral Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar

  • 30.12.2023 18:08
  • 10k+

29-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we onuň ugurlaryny giňeltmek bilen bagly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda, 2023-nji ýylyň 25-26-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýä amala aşyran resmi saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi wajyplygy bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda R.Meredow Türkiýe Respublikasynyň ilçisine türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmekde alyp baran işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we geljekki işinde üstünlik arzuw etdi.
Türkiýe Respublikasynyň ilçisi hem öz gezeginde Türkmenistanda diplomatik missiýasynyň durmuşa geçirilmegine goldaw we ýardam berendigi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.


05.06.2026 17:31
1.4k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.2k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.8k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....