BSGG: Türkmenistan 2023-nji ýylda dürli kesellere garşy göreşde öňegidişlik gazandy

  • 29.12.2023 17:36
  • 3.8k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekili Ýegor Zaýsew Türkmenistanyň geçip barýan ýylda dürli ýokanç kesellere garşy göreşde uly öňegidişlik gazanandygyny we şol bir wagtyň özünde gyzzyrmadan we poliomielitden azat bolan az sanly ýurtlaryň biri statusyny saklandygyny belledi. Bu Zaýsewiň türkmen metbugatynda neşir edilen Täze ýyl ýüzlenmesinden gelip çykýar.

Zaýsew ýakynda Türkmenistanyň immunizasiýanyň kömegi bilen B gepatitine garşy göreşde sebitleýin maksatly görkezijilere ýetendigini, munuň bolsa jemgyýetiň saglygyna howp hökmünde wirus gepatitlerini ýok etmek maksatlaryna ýetmek üçin möhümdigini belläp geçdi.

“Türkmenistanyň hökümeti bilen bilelikde saglygy goraýyş ulgamyny sanlylaşdyrmak, ýokanç däl keselleriň agyrlygyny ýeňilleşdirmek we olaryň güýçlenmek töwekgelçiligini aradan aýyrmak, pandemiýalara taýýarlygy üpjün etmek, mikroblara garşy serişdelere köp sanly derman durnuklylygy bilen göreşmek, şeýle-de ilatyň waksina arkaly dolandyrylýan ýokanç kesellere garşy ýokary derejede immunizasiýasyny üpjün etmek ugurlarynda işler alnyp barylýar” – diýip, BSGG-niň wekili belledi.


düýn 11:31
3.3k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......