Syýahatçylar dünýäniň iň gowy howa menzilini saýladylar

  • 20.12.2023 15:09
  • 32k+

Global Traveler amerikan syýahat žurnaly ses berişligiň netijesini yglan etdi we dünýäniň howa menzilleriniň arasynda iň gowusyny atlandyrdy. Ol Türkiýäniň iGA Istanbul Airport howa menzili boldy. Bu barada russiatourism.ru habar berýär.

Ses bermäge 500 müňe golaý okyjy gatnaşdy. Ýeňiji GT Awards baýrak gowşurylyş dabarasynda gutlandy. Türkiýäniň bu howa menzili eýýäm yzygider ikinji ýyl dünýäniň howa merkezleriniň reýtinginde öňdebaryjylygy saklap, “Dünýäniň iň gowy howa menzili” nominasiýasynda ýeňiji bolýar.
Stambulyň howa menzili ýene dört titula mynasyp boldy: “Ýewropanyň iň gowy howa menzili”, “Iň gowy iýmitli we içgili ýeri bolan howa menzili”, “Iň gowy şopping tejribeli howa menzili” we “Ýewropada iň gowy gümrük haksyz söwda tejribesi bolan howa menzili”.
Los-Anjelesde geçirilen dabarada Stambulyň iGA howa menziliniň korporatiw aragatnaşyk boýunça müdiri Gökhan Şengül howa menziliniň baýraklary almagyna uly buýsanç bildirdi. Ol soňky bäş ýylda howa menziline gelip-giden 200 milliondan gowrak ýolagçynyň innowasion ykjam tehnologiýalara, durnukly ösüşe we türk myhmansöýerligine ýokary baha berendigini belledi.

“Biz syýahaty ýeňil, lezzetli we garaşylandan has gowy edýäris. Global Traveler-iň okyjylaryna goldawlary we ýokary bahalary üçin minnetdarlyk bildirýäris” – diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.


25.06.2026 23:36
5.5k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......