Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB arasynda adam hukuklary barada gepleşikler geçirildi

  • 19.12.2023 15:36
  • 4.7k+

18-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň müdiri Ý.Nuryýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Belgiýanyň Brýussel şäherine sapary boldy.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine Adalatçy, Daşary işler, Içeri işler we Adalat ministrlikleriniň wekilleri girdi. Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasynyň we ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýolbaşçylary wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygyň işine gatnaşdylar.
Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine Ýewropanyň daşary aragatnaşyklar gullugynyň Merkezi Aziýa bölümi, Ýewropa Komissiýasynyň Halkara Hyzmatdaşlyk Baş Müdirliginiň we ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekiliniň wekiliýeti wekilçilik etdiler.

Gepleşik dowamynda taraplar hukuk ulgamyny berkitmek we adam hukuklary babatynda jogapkärçiligi ýokarlandyrmak maksady bilen 2021-2025-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda Adam Hukuklary boýunça Hereketleriň Milli meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem Adalatçynyň institutynyň 2023-nji ýyl boýunça işi doly gözden geçirildi.
Türkmen tarapy ýewropaly hyzmatdaşlaryna ýurdumyzyň hereketleriň we din azatlygyny üpjün etmek ugrundaky tagallalary, şeýle hem täze jemgyýetçilik guramalarynyň bellige alynmagy barada we Türkmenistanda adam hukuklary ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler barada täzelenen anyk maglumatlary berdi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......