Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilçiliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

  • 11.12.2023 14:37
  • 2.9k+

10-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän çärelere hem-de “Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa sebit boýunça wekilçiliginiň ýolbaşçysy Bilýana Miloşewiç bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda ýola goýulan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we Türkmenistanyň hökümeti bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň arasynda 2024-nji ýylda bilelikdäki hereketleriň ileri tutulýan ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.
Şeýle-de, häzirki döwürde Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň sebitde, şol sanda, Türkmenistanda alyp barýan işiniň netijelerine syn berildi.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar halkara ynsanperwer hukugy boýunça Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň milli hyzmatdaşlarynyň mümkinçiliklerini berkitmek we ýokarlandyrmak babatynda çäreleriň geçirilmeginiň wajyplygyny bellediler. Guramanyň ýaşlara gönükdirilen işjeňligine aýratyn üns çekildi.
R. Meredow guramanyň sebit ýolbaşçysyna Komitetiň ýurdumyzda Halkara ynsanperwerlik hukugyny ösdürmeklige, dürli raýatlar toparlarynyň arasynda degişli bilimleriň ýaýradylmagyna we ynsanperwerlik hukugynyň ýörelgeleriniň milli kanunçylyga ornaşdyrylmagyna gönükdirilen işleri üçin hoşallygyny bildirdi.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......