Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy

  • 10.12.2023 00:15
  • 29k+

9-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman megapolisi bolan Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary hem-de gurluşyk üçin niýetlenen ýer bölekleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň binalarynyň şekil taslamalary barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň  gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şeýle hem Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew hasabat berdiler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ilki bilen Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň we desgalaryň, şol sanda Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň we onuň gurluşygynda hem-de bezeg işlerinde ulanyljak serişdeleriň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň hatarynda Oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň, onuň bezeg aýratynlyklarynyň, şeýle hem ýokary okuw mekdebinň çäginde oturdyljak heýkelleriň, Arkadag şäheriniň girelgesinde guruljak özboluşly döwrebap arkanyň (ötügiň) şekil taslamalary, täze şäheriň metjidiniň yşyklandyryş ulgamyna degişli dürli görnüşli serişdeleriň şekilleri hem-de Arkadag şäheriniň futbol klubynyň, futbolçylaryň sport lybaslarynyň görnüşleri bar.
Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen tasalamalara birnäçe bellikleri aýdyp,  obasenagat toplumynyň hemmetaraplaýyn ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan desgalaryň gurluşygyna, olaryň bezeg işlerine ýaşlaryň işjeň çekilmelidigine ünsi çekdi.
Şunda uniwersitetde bilim alýan talyplaryň bu ýerde bina ediljek ylmy-barlag institutlary bilen gatnaşykda bolup, ekerançylygy, tohumçylygy ylmy esasda içgin özleşdirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilmelidir. Bu bolsa nazaryýetde alnan bilimiň tejribede, ylmy önümçilikde yzygiderli berkidilmeginde, ýaşlaryň milli daýhançylyk ýörelgelerine içgin aralaşmaklarynda aýratyn ähmiýetlidir.  
Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp  barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalar dogrusynda gürrüň edildi.


şu gün 19:38
234

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

şu gün 19:26
188

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 20:55
2.6k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......