Çalt ýöremek 2-nji derejeli diabetiň döremeginiň 39% öňüni alýar

  • 07.12.2023 15:46
  • 5.8k+

Halkara hünärmenler topary 2-nji derejeli diabetiň (süýji keseliniň) döremek howpuny azaltmak üçin ýöremekdäki zerur tizligi kesgitlediler.

Alymlar yzygiderli ýöremegiň 2-nji derejeli süýji keseliniň döremek ähtimallygyny peseldýändigini ozal tassyklapdylar. Şeýle-de bolsa, iň amatly ýöreýiş tizliginiň nähildigi heniz belli däldi. Munuň üçin awtorlar 1999 – 2022-nji ýyllar aralygynda neşir edilen on sany barlagy gözden geçirdiler. Olara ABŞ-dan, Ýaponiýadan we Beýik Britaniýadan jemi 500 müňden gowrak adam gatnaşdy.
Derňew sagatda 3-5 kilometr tizlik bilen ýöremegiň (gezelenç üçin sarp edilýän umumy wagta bagly bolmazdan) 2-nji derejeli süýji keseliniň döremek howpuny 15 göterim azaldýandygyny ýüze çykardy. Şol bir wagtyň özünde, çalt ýöremek (sagatda bäş-alty kilometr) keseliň döremek ähtimallygyny 24 göterim azaltdy. Ýöremek tizligi sagatda alty kilometrden geçen gatnaşyjylaryň süýji keseline duçar bolmak ähtimallygy 39 göterim azaldy.
Pyýada tizligiň her kilometrde ýokarlanmagy 2-nji derejeli süýji keseliniň döremek howpunyň dokuz göterim azalmagy bilen baglanyşyklydyr. Şol bir wagtyň özünde, sagatda dört kilometr tizlik bilen ýörelende minutda iň az ädim sany erkekler üçin 87, aýallar üçin 100 ädime deňdir.
Alymlar çalt ýöremegiň kardiorespirator ulgamynyň ýagdaýyny gowulandyrýandygy, myşsa güýjüni ýokarlandyrýandygy we agramy azaldýandygy belleýärler. Keseliň öňüni almak boýunça netijeler hem munuň bilen baglanyşyklydyr.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......