Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada iş saparyny amala aşyrdy

  • 02.12.2023 22:41
  • 18k+

Şu gün, 2-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Söwda-senagat edarasyna bardy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Öň habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň ahyrynda Ýaşlaryň dabaraly maslahatynyň we sergisiniň geçiriljekdigi, bu dabarada ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň ders olimpiadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleriniň jeminiň jemleniljekdigini belledi. 
Gurbanguly Berdimuhamedow saparynyň barşynda şu ýylyň ahyrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýaşlar forumyny üstünlikli guramak boýunça öwüt-nesihatlaryny we tabşyryklaryny berdi. 
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň ýaşlarynyň şu ýylyň dowamynda dürli ugurlar boýunça gazanan üstünliklerini beýan edýän ýaşlar forumynyň açylyş dabarasynyň unudylmajak pursatlara beslenmelidigine  hem-de ýylyň ajaýyp jemlenmesine öwrülmelidigine ünsi çekdi we bu babatda degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.    
Soňra bu ýerde wise-premýerler N.Amannepesow we B.Atdaýew döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, şu ýylyň ahyrynda geçiriljek ýaşlaryň dabaraly maslahatyna we sergisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler.
Şeýle hem Söwda-senagat edarasynda Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlar forumyna bagyşlanyp guraljak ulgamlaýyn sorag-jogap maslahaty babatda maslahatlaryny berdi.
Şeýle hem ylmy-amaly maslahatyň geçiriljek ýerin bezeg aýratynlyklaryny, sanly ulgamyň we täzeçil tehnologiýalaryň mümkinçiliklerine esaslanmalydygyny aýtdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň barşynda degişli ýolbaşçylar şu ýyl ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda bolup geçen taryhy wakalar, dürli ulgamlarda olaryň gazanan üstünlikleri, şeýle hem ýaşlary sylaglamak dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabatlaryny berdiler.


22.05.2026 14:38
2.5k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

12.05.2026 20:15
2k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....