Şuşada türki dünýäsiniň medeni syýahatçylygy boýunça halkara maslahat geçirilýär

  • 02.12.2023 22:07
  • 5.5k+

Şuşada «Türki dünýäsiniň medeni syýahatçylygynyň geljegi» atly halkara ylmy maslahat geçirilýär.

Report agentliginiň habar berşi ýaly, Azerbaýjanyň Döwlet syýahatçylyk agentligi we Türki Döwletleriň Guramasy (TDG) tarapyndan geçirilýän çäräniň maksady türki dilli döwletleriň bilelikdäki syýahatçylyk önümlerini we ugurlaryny döretmek barada pikir alyşmakdan, şeýle-de bu ugurda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat.
Çärä resmi guramalaryň wekilleri, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Wengriýanyň medeni miras boýunça hünärmenleri gatnaşýar. TDG agza ýurtlaryň wekilleri “Türki dilli ýurtlaryň çarwa durmuşyny syýahatçylyk önümine öwürmek” mowzugy bilen çykyş etdiler.
Çäräniň çäklerinde Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň milli tagamlarynyň tanyşdyrylyşy geçirildi.


23.06.2026 09:50
4.7k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.3k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.8k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......