Türkmenistan BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak başlangyjyny tassyklady

  • 01.12.2023 20:58
  • 13k+

Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisindäki (COP28) çykyşynda, Türkmenistanda BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak barada başlangyjy tassyklady.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, şu ýylyň 13-nji noýabrynda sebit maksatnamalaryny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini bellemek möhümdir we şol sebit maksatnamalary bolsa howa tehnologiýalaryny Türkmenistana we Merkezi Aziýanyň döwletlerine geçirmäge gönükdirilendir.

«Bu resminama Merkezi Aziýada BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Türkmenistanda Sebit merkezini açmak baradaky meselä jikme-jik garamak üçin ilkinji ädim hem-de düýpli hukuk şerti hökmünde garaýarys» diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýlelikde, döwlet Baştutany 80 milliona golaý ilatly, täsin tebigy serişdelere we bioköpdürlülige eýe bolan we şol bir wagtyň özünde düýpli ekologik wehimleriň zolagynda ýerleşýän sebit üçin BMG-niň ýöriteleşdirilen merkezini döretmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjy bu gün aýdyň mümkinçiliklere eýe bolýandygyny belledi.


20.06.2026 11:41
3.7k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......