Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy

  • 01.12.2023 19:46
  • 7.6k+

Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Dubaýda dowam edýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň (COP-28) plenar mejlisinde eden çykyşynda habar berdi diýip, «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, Ählumumy metan borçnamasyna gatnaşýan döwletler ählumumy derejede metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça umumy tagallalara goşant goşmak üçin meýletin hereketleri amala aşyrýarlar. Şu babatda ýurdumyzyň wekiliýetiniň 2021-nji ýylyň noýabrynda Glazgoda geçirilen «COP-26» maslahatyna gatnaşmagy möhüm waka boldy. Şol ýokary derejeli forumda türkmen tarapynyň Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjy goldap, giňişleýin gatnaşmak maksady bilen, ony jikme-jik öwrenmäge gyzyklanma bildirýändigi mälim edilipdi. Hormatly Prezidentimiz çykyşynda şu barada aýdyp, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň maslahatlaryny hasaba alyp, şeýle-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň işjeň goldamagynda ýurdumyzda Pariž ylalaşygy boýunça Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandynyň (NDС) tassyklanandygyny belledi. Bu strategik resminamada 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň möçberini, 2010-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 20 göterim azaltmak göz öňünde tutulýar.

«Şu gün şu belent münberden Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi ýagdaýda yglan edýär» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow ýokary derejeli mejlisde eden çykyşynda ýurdumyzyň mundan beýläk-de bu resminamadan gelip çykýan talaplary amaly taýdan durmuşa geçirmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.


düýn 11:32
2.3k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....