Bişkekde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

  • 01.12.2023 12:40
  • 2.5k+

29-njy noýabrda J.Balasagyn adyndaky Gyrgyzystanyň milli uniwersitetinde Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky (Bişkek ş.) ilçihanasy tarapyndan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol guraldy.

Tegelek stoluň işine Ilçihananyň wekilleri, GMU-niň ýolbaşçylary, şeýle hem ady agzalan ýokary okuw jaýynyň ylmy-mugallymlar topary we uniwersitetiň talyplary gatnaşdylar.
Çärä gatnaşyjylar öz çykyşlarynda dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girizilen Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň möhüm ornuny bellediler we görnükli türkmen şahyrynyň we Gündogaryň akyldarynyň işini gorap saklamagyň zerurlygy barada umumy pikiri aýtdylar.
Şeýle hem filosof-şahyryň döredijilik zehininiň we filosofiki taglymatlarynyň nesillere ylham bermegini dowam etdirýändigi we türkmen medeniýetiniň we edebiýatynyň ösmegine, şeýle hem ähliumumy gymmatlyklaryň wagyz edilmegine goşan goşandy üçin aýratyn üns berilmäge mynasypdygy bellenildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.


düýn 22:10
1.5k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
1.8k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 15:47
6.6k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

düýn 12:26
703

Türkmenistanyň wekiliýeti Bonndaky klimat maslahatyna gatnaşýar

Daşary gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine (UNFCCC SB64)......