Türkmenistanyň Adalatçysy Gruziýa iş saparyny amala aşyrdy

  • 01.12.2023 12:11
  • 3.5k+

Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili Ýazdursun Gurbannazarowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 29–30-njy noýabrynda Gruziýa iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmenistanyň Gruziýadaky wekilhanasynyň habar bermegine görä, Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa bilen Gruziýanyň Halk goragçy edarasynyň (Ombudsmen) ýolbaşçysy Lewan Ioselianiniň arasynda ikiçäk duşuşyk guraldy.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde tejribe alyşmak, şeýle hem milli hukuk goraýjy edaranyň netijeliligini ýokarlandyrmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berdiler. Iki ýurduň arasynda özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň ýakyn geljekdäki gün tertibi barada pikir alyşdy.
Soňra Gruziýanyň Halk goragçy edarasynyň orunbasary hanym E.Guduşauri merkezi edaranyň alyp barýan ugurlary, onuň düzüm birlikleri we sebitleýin edaralarynyň işi bilen giňişleýin tanyşdyrdy.
Şeýle hem türkmen wekiliýeti Gruziýanyň Ýörite derňew gullugynyň, Adam hukuklary boýunça merkeziň we beýleki degişli edaralaryň ýolbaşçylar bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Hususan-da, duşuşyga gatnaşyjylar adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak we ilerletmegiň wajyp ugurlary boýunça pikir alyşdylar.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......