Türkmenistanyň Prezidenti 1-2-nji dekabrda Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyrar

  • 30.11.2023 22:13
  • 5.1k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP-28) gatnaşmak üçin 1-2-nji dekabrda Birleşen Arap Emirliklerinde iş saparynda bolar. Bu barada 30-njy noýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda habar berildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň BAE boljak iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu Bütindünýä forumy Dubaýda şu ýylyň 30-njy noýabry – 12-nji dekabry aralygynda geçiriler.
Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä howa forumynyň möhümdigini nygtady. Onuň gün tertibine dünýäniň durnukly ösüşini üpjün etmek, tutuş adamzadyň geljegi üçin uly ähmiýete eýe bolan meseleler  giriziler. Türkmenistan möhüm ykdysady wezipeleri çözmekde jogapkärli we işjeň orun eýeleýändigini görkezýär. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň COP-28 maslahatyna gatnaşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Döwlet Baştutany Dubaýda geçiriljek Bütindünýä forumynda ýurdumyzyň bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň beýan ediljekdigini, şeýle hem onuň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we beýleki çäreleriň meýilleşdirilýändigini belläp, sapara ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.


düýn 11:32
2.3k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....