Wise-premýer T.Atahallyýew Duşenbede Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

  • 29.11.2023 19:00
  • 23k+

28-nji noýabrda wise-premýer T.Atahallyýew Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherine gulluk iş saparynyň çäklerinde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon tarapyndan kabul edildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Täjigistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hatyny gowşurdy.
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa salamyny we iň gowy arzuwlary ýetirdi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşykda dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, söwda-ykdysady we maýa goýum işleriniň güýçlendirilmegine aýratyn üns berildi.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......