Mähri Bäşimowa Bişkekde Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygyna gatnaşdy

  • 29.11.2023 00:41
  • 9.9k+

27-28-nji noýabrda Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Gyrgyz Respublikasynyň hökümetiniň goldawy bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezi tarapyndan gurnalan Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 13-nji herýylky duşuşygyna gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Merkezi Aziýada parahatçylyga we howpsuzlyga täsir edýän wakalar we tendensiýalar, Owganystandaky ýagdaýlar we bu meseleleri çözmek üçin tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen sebit hyzmatdaşlygynyň ugurlary barada pikir alyşdylar, şeýle hem BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezi bilen sebitiň hökümetleriniň arasyndaky öňüni alyş diplomatiýasy bilen baglanyşykly ugurlar boýunça özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem duşuşykda Merkezi Aziýanyň hökümetleri bilen ýaşlarynyň arasynda Bäşinji dialog geçirildi. Sebitdäki bäş ýurduň hemmesine wekilçilik edýän Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasynyň gatnaşyjylary, sebitiň geljegi baradaky garaýyşlaryny paýlaşmak üçin daşary işler ministrleriniň orunbasarlary bilen duşuşdylar.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Bişkekdäki ÝHHG akademiýasyna baryp gördi we onuň dowamynda M.Bäşimowa gatnaşyjylary Türkmenistanda bilim we ylym ugurlary, şol sanda Türkmenistanyň ýaşlar syýasaty bilen jikme-jik tanyşdyrdy.
Duşuşykda bu akademiýa bilen Türkmenistan ýokary okuw mekdepleriniň biriniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamany işläp düzmek meselesiniň üstünde işlemek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......