Duşenbede Bilelikdäki türkmen-täjik Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

  • 29.11.2023 00:35
  • 6.5k+

27-28-nji noýabrda Duşenbe şäherinde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-täjik Hökümetara toparynyň on ikinji mejlisi geçirildi.

Türkmen tarapynyň ýolbaşçysy hökmünde wise-premýer T.Atahallyýew, täjik tarapyndan - Täjigistan Respublikasynyň Premýer ministriniň Orunbasary Ziýozoda Sulaýman Rizoi çykyş etdi.
Mejlisiň dowamynda taraplar söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyna, energetika we suw serişdeleri, oba hojalygyndaky bilelikdäki işleriň güýçlendirilmegine, şeýle hem ulag we logistika pudagyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmeklige, iki ýurduň arasyndaky bilim, ylym, lukmançylyk, medeniýet we sport ugurlarynda özara gatnaşyklary ösdürmek we çuňlaşdyrmakdaky meseleleriň giň toplumyna garadylar.
Şeýle hem iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň çykyşlary diňlenildi, olaryň çäklerinde geljegi bar bolan dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly şertleriň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, işewür gatnaşyklary hasam höweslendirmek, iki ýurtda öndürilýän önümler bilen özara tanyşmak, eksport-import mümkinçiliklerini öwrenmek we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze görnüşlerini gözlemek zerurlygy beýan edildi.
Geçirilen mejlisiň netijeleri boýunça söwda-ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-täjik Hökümetara toparynyň on ikinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.
Nobatdaky 13-nji mejlisiň  2024-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......