Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýän «Agro-Pak Türkmenistan ─ 2023» halkara sergisi öz işine başlady

  • 28.11.2023 14:07
  • 4.6k+

Şu gün, 28-nji noýabrda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan - 2023» ady bilen azyk, gaplama we oba hojalyk önümleriniň halkara sergisi öz işine başlady.

Ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän bu halkara sergini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň «Sofuar» kompaniýasy bilelikde guraýar.
Azerbaýjanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Moldowanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň degişli pudaklarynyň kompaniýalarynyň önümleri we hyzmatlary bilen tanyşdyrylýan sergi pawilýonlary myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi.
Şeýle hem azyk önümçiliginiň enjamlary, gaplama önümleri we gaplama enjamlary, azyk önümleri we iýmit goşundylary, çörek we çörek önümleriniň tehnologiýalary, däne saklaýyş we degirmen ulgamlary, ýyladyşhana, bagçylyk we tokaýçylyk ugurlary, guşçulyk we maldarçylyk üçin niýetlenen enjamlar, oba hojalyk önümleri, tohumlar we dökünler, suwaryş ulgamlaryna niýetlenilen önümler we hyzmatlar boýunça taýýarlanylan ekspozisiýalary Gollandiýanyň, Russiýanyň we Eýranyň ýörite pawilýonlarynda görmek bolýar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda badalga alan bu halkara sergi 3 üç günläp dowam eder diýip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy habar berdi.


düýn 16:30
543

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......