Raşid Meredow Gana Respublikasynyň wekiliýetini kabul etdi

  • 24.11.2023 23:51
  • 3.9k+

24-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabatda sapar bilen bolýan Gana Respublikasynyň Daşary işler we sebitleýin integrasiýa ministriniň orunbasary Kwaku Ampratwum Sarpongomyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy.

Söhbetdeşlikleriň barşynda ministr iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlaryň giň geriminde özara gatnaşyklary has-da güýçlendirmek nukdaýnazryndan, ýakynda iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasynda bolan syýasy geňeşmeleriň netijeleriniň möhümdigini belledi.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibini ara alyp maslahatlaşan taraplar, Türkmenistan bilen Gananyň arasynda ykdysadyýet, söwda we senagat pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikleri bellediler. Taraplar medeni we ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda bilim pudagyny güýçlendirmek barada ylalaşdylar.
Söhbetdeşlikleriň netijesi boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gana Respublikasynyň Daşary işler we sebitleýin integrasiýasy ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler hakynda Teswirnama gol çekildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......