4 ýyldan soň: Tesla Cybertruck awtoulaglary dükanlara çykarylyp başlandy

  • 24.11.2023 10:21
  • 11k+

Ilon Mask ilkinji nusgasy görkezilenden dört ýyl soň, Demirgazyk Amerikada Tesla Cybertruck elektrikli pikapyň satuwynyň başlandygyny habar berdi.

Ol çarşenbe güni özüniň X (öňki Twitter) sosial torundaky sahypasynda "Cybertruck eýýäm Demirgazyk Amerikanyň Tesla dükanlaryna tarap ýola düşdi" – diýip ýazdy.
Iýul aýynda Tesla Tehasdaky zawodynda ilkinji Cybertruck kysymly seriýaly pikapy ýygnady.
Tesla ilki Cybertruck-y 2019-njy ýylda görkezipdi, şonda elektrikli pikapyň köpçülikleýin önümçiligine 2021-nji ýylda başlamak we awtoulagyň başlangyç bahasynyň takmynan 40 müň dollar töweregi bolmagy meýilleşdirilipdi. 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Mask komponentleriň ýetmezçiligi sebäpli Cybertruck-iň önümçiliginiň 2023-nji ýyla çenli yza süýşürilýändigini aýdypdy. Kompaniýanyň nygtamagyna görä, pikap 1,5 tonnadan gowrak ýüki göterip biler, 2,9 sekuntda 96 km/sag tizlige ýeter we bir batareýa zarýady bilen 800 km ýol geçer.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......