Pekinde hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň kiçi komitetiniň mejlisi geçirildi

  • 23.11.2023 17:51
  • 13k+
21-nji noýabrda Pekinde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisi geçirildi. Mejlis kiçi komitetiň başlyklarynyň - Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ma Çžaosýuýyň ýolbaşçylygynda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklara birek-birege ynanyşmak we düşünişmek, şeýle hem açyklyk derejesiniň mahsusdygy nygtaldy.
Taraplar kiçi komitetiň öňki mejlisinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki işleriň netijelerini seljerdiler, şeýle hem howpsuzlyk pudagynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýakyn wagtda meýilleşdirilýän işler barada pikir alyşdylar.
Mejlisiň netijeleri boýunça Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.


düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

12.05.2026 20:41
12k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......