Türkmenistan bilen Hytaý daşary syýasy edaralarynyň arasynda geňeşmeleri geçirdi

  • 23.11.2023 17:47
  • 4.1k+
21-nji noýabrda Pekinde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Geňeşmelerde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi, hytaý tarapyna Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ma Çžaosýu wekilçilik etdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-hytaý strategiki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna ünsi çekdiler. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň derejesinde alnyp barylýan oňyn hem yzygiderli dialogyň döwletara gatnaşyklaryna itergi berýändigi, bu dialogyň dowamynda bolsa, özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek we berkitmek üçin meseleleriň giň toplumynyň ara alnyp maslahatlaşylýandygy nygtaldy.
Halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygy barada bellendi. Şeýle hem taraplar “Merkezi Aziýa-Hytaý” hyzmatdaşlyk formatynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri barada pikir alyşdylar.
Diplomatlar söwda-ykdysady ugurda netijeli hyzmatdaşlygy bellediler, energetika, ulag-aragatnaşyk arabaglanyşygy, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça bilelikdäki işleriň gidişini seljerdiler diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berdi.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......