Aşgabatda Türkmenistan bilen ÝB-niň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi

  • 23.11.2023 17:43
  • 2.8k+
22-nji noýabrda Aşgabatda ÝB-niň wekilhanasynyň binasynda Ýewropa medeniýetiniň Türkmenistandaky günleriniň çäginde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa öz çykyşynda bu şanly sene mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi we Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini nygtady.
Ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryň we gepleşikleriň ugurlaryň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine we pugtalandyrylmagyna goşant goşýandygy bellenildi.
Şeýle hem türkmen tarapy parlamentara gepleşikleriniň işjeň häsiýete eýe bolýandygyny, bu ugurda Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklara ähmiýet berilýändigini belledi.
Duşuşygyň barşynda “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” hyzmatdaşlyk formaty gatnaşyklary giňeltmekde möhüm gurallarynyň biri hökmünde bellenildi. Onuň çäklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklary, ulag, sanlylaşdyrma, ekologiýa we energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamynda, şol sanda, bilim we saglygy goraýyş pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar we taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Metbugat maslahatyna gatnaşyjylar gazanylan üstünlikler we geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....