Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň sessiýasyna gatnaşdy

  • 21.11.2023 10:23
  • 6.2k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti 18-20-nji noýabrda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlament Assambleýasynyň «ÝHHG çökgünlik döwründe: içerki we daşarky wehimlere jogap bermekde Assambleýanyň orny» şygary astynda Ýerewanda geçirilen güýzki sessiýasynyň işine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň çäklerinde çykyş etmek bilen, türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri bilen bagly öňe süren halkara başlangyçlaryny beýan etdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti bu teklipleriň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň agza-döwletleri tarapyndan goldaw tapjakdygyna ynam bildirdi we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesi we parahatçylyksöýüjilikli syýasaty esasynda parlament hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmäge taýýardygyny belledi.


düýn 20:55
1.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......