Türkmenistanyň wekiliýeti Osakada EKSPO — 2025 Halkara sergisi boýunça duşuşyga gatnaşdy

  • 16.11.2023 16:07
  • 3k+

14 – 16-njy noýabrda söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Osaka şäherinde EKSPO – 2025 Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylarynyň duşuşygyna gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle-de Halkara sergi býurosynyň baş sekretary Dimitriý Kerkenses, Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministriniň orunbasary Isii Taku we EKSPO – 2025 Bütindünýä sergisiniň Ýaponiýa assosiasiýasynyň baş sekretary Isige Hiroýuki bilen möhüm duşuşyklary geçirdi diýip, Halkara habarlar merkezi habar berdi.
Gepleşikleriň esasy mowzuklarynyň biri Türkmenistanyň bu çärä taýýarlyk görmekdäki üstünligi boldy. Ýapon tarapy zerur resminamalaryň öz wagtynda tabşyrylandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň bu sergä gatnaşmagynyň wajyplygyny belledi.
Milli pawilýonyň gurluşygy üçin ýer bermek dabarasyna aýratyn üns berildi. Türkmenistana ýer bölegi resmi taýdan 2023-nji ýylyň 16-njy noýabrynda gündiz berildi. Resminamanyň gowşurylyşy ýerli we daşary ýurt KHBS-iniň wekilleriniň gatnaşmagynda bolup geçdi. 


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......