Maryda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy öz işine başlady

  • 16.11.2023 15:48
  • 8k+

Şu gün, 16-njy noýabrda Mary welaýatynyň kitaphanasynda “Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy” atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň forumy açyldy diýip, Türkmenistan Halkara Habarlar portaly habar berýär. Bu forum Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlar guramalarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge bagyşlanandyr.

Halkara foruma gatnaşyjylary Türkmenistanyň milli medeniýetiniň sergisi garşylaýar. Kitaphananyň öňünde sowgatlyk ýadygärlikleri we beýleki halk döredijiliginiň predmetleri bilen diwarlyklar ýerleşdirildi. Bu ýerde milli halylarymyz, milli şaý-seplerimiz we egin-eşiklerimiz hem görkezilýär. Öz gezeginde, talyplar dürli ugurlarda öz ylmy işleri bilen tanyşdyrdylar.
Halkara foruma 150-den gowrak ýaşlar gatnaşýar. Olaryň 50-den gowragy Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we HHR-den geldi. Bu çäre Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Türkmenistanyň Bilim we Daşary işler ministrlikleri tarapyndan gurnaldy.
Gatnaşyjy döwletleriň ýaşlary ilkinji gezek gadymy Merw şäherinde ýygnanýarlar. Bu başlangyjy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sian şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky birinji sammitde öňe sürdi.
Forum üç gün dowam eder.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 11:17
4.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.4k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....