Sloweniýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

  • 16.11.2023 09:20
  • 4.9k+

Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Nataşa Pirs-Musar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Sloweniýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyllygy bilen gutlady.

«Şunuň bilen baglylykda, geçen 30 ýylyň içinde biziň ýurtlarymyzyň arasynda özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilendigini bellemäge şatdyryn.
Sloweniýanyň hem-de Türkmenistanyň halkara dialogy we umumy gymmatlyklary pugtalandyrmaga uly goşant goşýandygyny, häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine garşy durmakda bilelikde üstünlikli hereket etmäge ukyplydygyny kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn.
Şu pursatdan peýdalanyp, Size we Türkmenistanyň ähli raýatlaryna parahatçylyk, abadançylyk, ösüş baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.
Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!» - diýlip hatda aýdylýar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......