Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy öz işine başlaýar 

  • 16.11.2023 09:15
  • 3.7k+

Şu gün, 16-njy noýabrda Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumy öz işine başlaýar. 

Foruma Türkmenistanyň, Gazagystan, Gyrgyz, Täjigistan, Özbegistan Respublikalarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ylym, bilim, medeniýet, sungat, parlament ulgamlarynyň ýaş wekilleri, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hytaýyň Durnukly ösüş maksatlarynyň ilçileri gatnaşýar.
Forumyň barşynda howanyň üýtgemegi, daşky gurşawyň durnuklylygy, bilimde, ylymda we innowasiýalarda, medeniýetde, sungatda ýaşlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy, parahatçylygy, dostlugy pugtalandyrmakda Bitarap Türkmenistanyň toplan baý tejribesi, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmekde ýaşlaryň orny ýaly wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Forumyň esasy maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň arasynda bilim, ylym, medeniýet, ýaşlar syýasaty meseleleri boýunça mümkinçilikleri birleşdirmäge gönükdirilendir. Bu bolsa ählumumy parahatçylygy, bähbitleri göz öňünde tutup, halklaryň we döwletleriň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygyň kemala gelmegine gönükdirilen täze mazmunly gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik döreder.

«Taryhyny adamzat siwilizasiýasynyň irki döwürlerinden alyp gaýdýan Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň halklary bilen birlikde, türkmen halky hem öz durmuş-medeni nusgasyny, parahatçylygy, agzybirligi üpjün edip gelen milli ýörelgelerini döredipdir. Bu ýörelgeler häzirki döwrüň örän ýokary derejede ösýän ylmy-tehniki pikirleri, tehnologiýa babatda ýokary ösüşler we mümkinçilikler, dünýäde giňden ykrar edilýän halkara başlangyçlar bilen sazlaşykly utgaşyp, biziň şu günki alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esasyny düzýär. Munuň özi ygtybarlylygy, açyklygy, howpsuzlygy kepillendirýän hyzmatdaş döwlet hökmünde tanalýan Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki abraýynyň has-da artmagyna uly itergi berýär.
Biziň alyp barýan içeri we daşary syýasatymyz halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döredýär. Innowasiýalara esaslanýan milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny ösdürmäge mümkinçilik berýän giň gerimli we strategik maksatnamalar, ösüşiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly milli nusgasy, iri halkara guramalaryň belent münberlerinden adamzadyň parahat, bagtyýar geljeginiň hatyrasyna öňe sürlen derwaýys başlangyçlar, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ýörelgä eýerilip dünýäniň halklarydyr ýurtlary bilen ýola goýulýan dost-doganlyk gatnaşyklary halkara bileleşikde uly gyzyklanma döredýär. Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň festiwalynyň geçirilmegi hem halklarymyzyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemegine ýardam eder» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belledi.


şu gün 07:34
681

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.3k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
1.9k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....

22.05.2026 15:38
2.8k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....