Türkmenistanyň wekiliýeti Parižde ÝUNESKO-nyň Ýaşlar forumyna gatnaşdy

  • 15.11.2023 22:57
  • 6.7k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Parižde geçirilýän ÝUNESKO-nyň 42-nji Baş konferensiýasynyň çäklerinde guramanyň Ýaşlar forumyna gatnaşýar. Ýurdumyza Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekili Maksat Çaryýew, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ýazpolat Keriýew hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby wekilçilik edýär.

“Durmuş we ynsanperwer ylymlary pudagy tarapyndan gurnalan ÝUNESKO-nyň Ýaşlar forumy ýaşlara maslahatlara we çekişmelere gatnaşmak, şeýle-de ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasy wagtynda agza döwletler bilen tekliplerini we çözgütlerini paýlaşmak mümkinçiligini berýär” – diýip, Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Forumyň dowamynda iki günde, 14-15-nji noýabrda howanyň üýtgemeginiň sosial netijeleri we adalatly “ýaşyl” öwrülişik baradaky mesele gözden geçiriler. Umuman alanyňda, çärä 150 ýurtdan 170-e golaý ýaşlar, ýaşlar syýasaty boýunça 33 töweregi ministrlik gatnaşýar.
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň 42-nji Baş konferensiýasyna gatnaşýar we onuň dowamynda ýurduň resmi şahslary, şol sanda diplomatlar we hökümet agzalary guramanyň wekilleri hem-de onuň düzüm bölekleri bilen gepleşikleri geçirýärler. 


düýn 17:29
6.4k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......