Serdar Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabatda we Arkadag şäherinde gurluşyklaryň barşy bilen tanyşdy

  • 14.11.2023 23:47
  • 24k+

Şu gün, 14-nji noýabrda irden Prezident Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyz boýunça uçuşy amala aşyryp, Aşgabatda we onuň töwereklerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu  barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Döwlet Baştutanynyň ýanynda senagat-gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer B.Annamämmedow boldy.  
Döwlet Baştutany uçuşynyň dowamynda Aşgabadyň täze gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň depginlerini, paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişini, şeýle hem Arkadag şäheriniň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň gidişini synlady.
Soňra döwlet Baştutanynyň dikuçary Aşgabadyň günbatar künjegine tarap ugur aldy. Serdar Berdimuhamedow guş uçar  belentlikden Büzmeýin etrabynyň çäklerinde gurlan dürli maksatly binalary, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş jaý toplumlaryny  we häzirki döwürde gurluşygy batly depginlerde dowam edýän toplumlarda alnyp barylýan gurluşyk işlerini synlap, gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Soňra Serdar Berdimuhamedowyň dikuçary Arkadag şäheriniň ýokarsynda öwrüm etdi. Häzirki döwürde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň işlerine badalga berildi.
Döwlet Baştutany Arkadag şäherinden paýtagtymyza tarap barýarka türkmen halkynyň beýik geçmişiniň şaýady bolan Parfiýa döwletiniň merkezi Nusaý galasyny synlady.
Serdar Berdimuhamedowyň dikuçary, ilki bilen, häzirki wagtda gurluşygy batly depginlerde dowam edýän Stomatologiýa merkeziniň ýokarsynda öwrüm etdi.
Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow şäheriň merkezi künjeginde ýerleşýän seýilgäh zolagy we onuň çäklerinde bar bolan ugurdaş desgalary synlady we seýilgähiň arassaçylyk, abadançylyk derejesini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra dikuçary Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň dowam edýän künjegine tarap ugur aldy. 
Wise-premýer döwlet Baştutanyna häzirki döwürde paýtagtymyzyň okgunly ösýän künjegi bolan “Parahat” ýaşaýyş toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bu ýerde halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi hem-de dürli maksatly binalarda dowam edýän gurluşyk işleri barada hasabat berdi.


düýn 16:30
503

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
696

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......