Mary şäherini 2027-nji ýylda «YHG-nyň syýahatçylyk paýtagty» diýip yglan etmäge gönükdirilen çäreleri görmek teklip edildi

  • 12.11.2023 18:03
  • 13k+

Mary şäherini 2027-nji ýylda “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň syýahatçylyk paýtagty” diýip yglan etmäge gönükdirilen çäreleri görmek teklip edildi. Bu barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow habar berdi. 

Ministr Türkmenistanyň Prezidentiniň Daşkentde geçirilen YHG-nyň 16-njy sammitinde öňe süren başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin taýýarlanan ýene birnäçe teklipleri hödürledi.
Şeýlelikde, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Arkadag şäherinde durnukly ösüş boýunça YHG-nyň ilkinji ministrler forumyny geçirmeklik teklip edildi. Şeýle hem olaryň hatarynda, üstaşyr ýük daşamak we onuň Teswirnamasy boýunça YHG-nyň Çarçuwaly Ylalaşygyny tassyklamak üçin edilmeli işler bar.
Serdar Berdimuhamedowyň sammitde eden çykyşynda serhetüsti we sebitleýin söwdany güýçlendirmek meselesi gozgaldy. Bu işe YHG-nyň hünärmenleriniň gatnaşmagy bilen serhetüsti söwda zolaklaryny döretmek meselesini öwrenmek teklip edildi.


düýn 16:40
2.4k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
8.7k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.3k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....