Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy bilen duşuşdy

  • 07.11.2023 08:55
  • 6.4k+

6-njy noýabrda Gruziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Ş.Papuaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Munuň özi toplumlaýyn türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Şeýle hem taraplar geljegi uly bolan söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, energetika, hem-de medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
Iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasynda özara düşünişmek we dostlukly gatnaşyklary saklamak boýunça konstruktiw gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm gural bolup hyzmat edýän iki ýurduň arasyndaky parlamentara dostluk toparlarynyň hyzmatdaşlygyny güýçlendirmeklige aýratyn ähmiýet berildi. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar Gruziýanyň Parlamentiniň başlygynyň Türkmenistana saparyny guramak, şeýle-de syýasy-diplomatik ugurda parlament diplomatiýasynyň orny barha artýandygyny aýratyn bellediler.


düýn 18:54
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......