Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda täze baýramçylygy bellemek hakyndaky Permana gol çekdi

  • 06.11.2023 00:18
  • 48k+

Her ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni bellenilip geçiler. Bu barada degişli Permana Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi hem-de welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň ýokary derejede, guramaçylykly bellenilip geçilmegini üpjün eder.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi, Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde, Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5.1k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....