Çynar Rüstemowa Moskwanyň Türkmen medeniýet jemgyýetiniň işine baha berdi

  • 05.11.2023 10:59
  • 11k+

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýasynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa Moskwanyň Türkmen medeniýet jemgyýetiniň işine ýokary baha berip, onuň türkmen milli medeniýetini ýaýratmak we milletara gatnaşyklary pugtalandyrmak işine aýratyn goşant goşandygyny belledi. Bu barada Jemgyýetiň metbugat gullugyna salgylanyp, Orient habar berýär. 

“Biziň ýanymyzda bolup, çärelerimizi işjeň goldaýanlaryň ählisine çuňňur minnetdarlyk bildirýäris. Siziň goldawyňyz bilen biz öňe barýarys, geljege uly ynam we hyjuw bilen garaýarys. Gatnaşanyňyz we goldawyňyz üçin sagboluň! Biz – türkmen medeniýetine bolan söýgi we gymmatly wezipämiz bilen birleşen bir uly maşgala” – diýlip, habarda aýdylýar.

Türkmen diplomaty bu ýokary bahany Özbegistanyň Buhara şäherinde geçirilen “Häzirkizaman oba hojalygy tehnologiýalary, daşky gurşaw inženerçiligi we durnukly ösüş” atly IX Halkara ylmy maslahatynyň dowamynda berdi. Jemgyýete türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Janly rowaýat” kitaby sowgat berildi.


düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

12.06.2026 01:36
5k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.3k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....