Ahmet Çalyk ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada Serdar Berdimuhamedowa giňişleýin maglumat berdi

  • 03.11.2023 22:05
  • 17k+

3-nji noýabrda Balkan welaýatynda iş saparyny amala aşyran Prezident Serdar Berdimuhamedow «Çalik Holding A.Ş» kompaniýalar toparynyň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda işewür kompaniýa ynanylan desgalarda alnyp barylýan işler we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada giňişleýin maglumat berdi.
«Çalik Holding A.Ş» kompaniýalar topary üçin ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy dowam etmegiň uly mertebedigini aýdyp, Ahmet Çalyk döwlet Baştutanyna öz ýolbaşçylyk edýän holdingine täze iri taslamanyň – kuwwaty 1574 megawatta deň bolan häzirki zaman utgaşykly elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň ynanylandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Işewür türk hyzmatdaşlarynyň geljekde hem öz üstlerine alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine örän jogapkärli çemeleşjekdiklerine hem-de ähli işleriň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdy.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......