Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitine gatnaşdy

  • 03.11.2023 15:25
  • 5.6k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji noýabrda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitine gatnaşdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy sammitde Aşgabadyň Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde özara peýdaly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek baradaky pikirini beýan etdi.
Sammitiň barşynda «Türki dünýäsiniň geljegi — 2040» atly resminama tassyklanyldy. Duşuşyk «Türk eýýamy!» ýa-da «TURKTIME!» şygary astynda geçirildi.
Gazagystanyň Prezidentini Kasym-Žomart Tokaýew başlyklyk etmeginde geçirilen sammitiň barşynda şeýle hem Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr aparow, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew çykyş etdi.


şu gün 07:51
1.2k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.7k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
989

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......