Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky ilçisi Aýlagdaky arap döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary bilen duşuşdy

  • 03.11.2023 14:09
  • 9.5k+

2-nji noýabrda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi O.Çaryýewiň Aýlagdaky arap döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (GCC) Baş sekretary Jasem Mohamed Albudaiwi bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda 2023-nji ýylyň iýulynda Jidda şäherinde geçirilen GCC-niň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Sammitiniň ähmiýeti nygtaldy diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Sammitiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen teklipleriň durmuşa geçirilmeginiň ýollary barada pikir alşyldy.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Geňeşiň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerden ugur almak arkaly, gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmek we çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


düýn 18:54
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......