Aşgabatda BMG-niň döredilmeginiň 78 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi

  • 03.11.2023 14:02
  • 1.8k+

2-nji noýabrda BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 78 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Bu barada DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşyga Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem BMG-niň Türkmenistandaky ýöriteleşdirilen edaralarynyň we agentlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräni açmak bilen, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ösdürmekde alyp barýan yzygiderli işlerini belledi. Şunuň bilen bilelikde, döwletimiziň durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna gönükdirilen başlangyçlarynyň we teklipleriniň möhüm ähmiýeti nygtaldy.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa, öz gezeginde, BMG-niň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmäge gönükdirilen garaýyşlary we teklipleri beýan etmek üçin köptaraplaýyn platforma bolup durýandygyny aýtdy. BMG-niň döredilen döwründen bäri dünýä syýasatynyň möhüm meselelerini çözmekde köptaraplaýyn we bitewi çemeleşmäni ulanmak bilen, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş edýändigi nygtaldy.


düýn 18:54
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......