Astanada Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammiti öz işine başlady

  • 03.11.2023 12:39
  • 7.8k+

Şu gün Gazagystanyň paýtagty Astanada Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) döwlet Baştutanlarynyň ýubileý 10-njy sammiti öz işine başlady diýip, Trend habar berýär.

Çäräniň çäklerinde adatdan daşary ýagdaýlar we meteorologiýa babatynda köptaraplaýyn resminamalara gol çekilmegine garaşylýar. Mundan başga-da, TDG-niň ulag aragatnaşygy maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki hereket meýilnamasyna, şeýle-de Astana beýannamasyna we Astana sammitiniň jarnamasyna gol çekiler.
Sammitiň jemi boýunça TDG-de başlyklyk Özbegistandan Gazagystana geçer.
Belläp geçsek, 2023-nji ýylda Özbegistan TDG-de başlyklyk edýär. Bu waka geçen ýylyň noýabr aýynda “Türki siwilizasiýasynyň täze eýýamy: umumy ösüşe we gülläp ösüşe tarap” şygary astynda geçirilen TDG-niň Samarkant sammiti bilen bellendi.


şu gün 07:51
1.2k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.7k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
989

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......