Aşgabat ÝUNESKO-nyň Döredijilik şäherleriniň toruna girdi

  • 02.11.2023 20:37
  • 4.3k+

Aşgabat ÝUNESKO-nyň Döredijilik şäherleriniň torunda (UCCN) «Dizaýn» kategoriýasyna goşuldy. Bu barada Guramanyň resmi saýtynda habar berildi.

Aşgabat şäheri dünýäniň medeni pudagyň ösüşine goldaw bermek üçin hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýän beýleki 54 şäheri bilen birlikde UCCN-iň bir bölegine öwrüldi. Muny ÝUNESKO-nyň baş direktory Odri Azule mälim etdi.

«Täze şäherler ösüş strategiýalarynyň bir bölegi hökmünde medeniýeti we döredijiligi ulanmaga hem-de ynsanperwer şäher meýilnamasynda innowasiýa tejribesini görkezmäge berk ygrarlylygy üçin ykrar edildi» diýlip, ÝUNESKO-nyň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň tory «Senetçilik we halk döredijiligi», «Dizaýn», «Film», «Gastronomiýa», «Edebiýat», «Mediýa sungaty» we «Aýdym-saz» ýaly ýedi döredijilik ugrundaky 350 şäheri öz içine alýar.
Tora girýän şäherler 2024-nji ýylyň 1 — 5-nji iýuly aralygynda Portugaliýada «Geljekki on ýylda ýaşlary gepleşikler stolunyň başyna getirmek» atly mowzuk boýunça geçiriljek ÝUNESKO-nyň ýyllyk konferensiýasyna gatnaşmaga çagyrylar.


düýn 16:30
531

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
696

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......