16-18-nji noýabrda Maryda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy geçiriler

  • 02.11.2023 21:17
  • 6.1k+

Şu ýylyň 16-18-nji noýabrynda Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumy geçiriler. Foruma taýýarlyk görlüşi barada wise-premýer N.Amannepesow Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Belläp geçsek, bu çäre Serdar Berdimuhamedowyň döwlet Baştutanlarynyň «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky birinji Sammitiniň barşynda öňe süren başlangyjyna laýyklykda guralar.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Daşary işler ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan bu forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Oňa milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän hünärmenleriň, talyp we meýletinçi ýaşlaryň, şeýle hem HHR-iň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýaş wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Forumyň gün tertibine ýurtlaryň we halklaryň arasynda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň täze mazmunly formatyny ýola goýmak, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawyň durnuklylygy, bilim, ylym, innowasiýalar, medeniýet we sungat ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler giriziler. Şunuň bilen birlikde, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň toplan baý tejribesi öwreniler, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmekde ýaşlaryň orny bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň medeniýet we sungat ussatlarynyň festiwalyny guramak meýilleşdirilýär.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......