Noýabrda Londonda Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan forum geçiriler

  • 02.11.2023 21:20
  • 13k+

22-23-nji noýabrda Beýik Britaniýanyň London şäherinde «Türkmenistan — maýa goýum we ösüş» atly forumy geçiriler. Forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy barada wise-premýer B.Atdaýew Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Forumyň dowamynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşi we maýa goýum mümkinçilikleri, maglumat tehnologiýalary, ulag we telekommunikasiýa ulgamlarynda ýurdumyzyň infrastrukturasyny ösdürmegiň maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmak, şeýle hem  nebitgaz, himiýa we beýleki senagat pudaklary hem-de bank we ätiýaçlandyryş pudaklaryny hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.
Döwlet Baştutany London şäherindäki Maýa goýum maslahatynda milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmäge gönükdirilen taslamalara uly orun berilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.


düýn 16:30
550

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

12.06.2026 10:04
5.5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......