Türkiýede Aýa-Sofiýa metjidiniň durky täzelener

  • 02.11.2023 09:21
  • 10k+

Anadolu habarlar gullugynyň sişenbe güni beren habaryna görä, Türkiýäniň hökümeti Stambuldaky Aýa-Sofiýa metjidiniň durkuny täzelemegi meýilleşdirýär.

Metjidi dikeltmek üçin döredilen Ylmy Geňeşiň agzasy, binagär Ihsan Sary: "Meýilnamalary, görnüşleri we bölekleri ýakyn wagtda taýýar bolar. Hakyky toplumlaýyn durkuny täzeleýiş işleri agzalan işler tamamlanandan soň başlar" -diýdi.
Ol bu iş üçin metjidiň ýörite “sanly ekiz taýynyň” taýýarlanandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, durkuny täzeleýiş işleri köp wagt alar, Aýa-Sofiýanyň her bir bölegine degişli maslahatlar geçiriler.

Ihsan Sary häkimiýetleriň bu iş üçin eýýäm tender yglan edendigini aýtdy.
Aýa-Sofiýanyň 1486 ýaşy bar, iň soňky gezek 1848-1850-nji ýyllarda toplumlaýyn durkuny täzeleýiş işleri geçirildi. 1453-nji ýylda Konstantinopol basylyp alnandan soň, ybadathana metjide öwrüldi, 1935-nji ýylda muzeý statusyna eýe boldy, 2020-nji ýylda bolsa ýene metjide öwrüldi. Ol uzak wagtlap iň uly hristian ybadathanasy boldy.


25.06.2026 23:36
5.6k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......