Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň binalarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy

  • 02.11.2023 00:38
  • 16k+

1-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň  gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň şekil taslamalary we täze şäherde gurluşygy alnyp barylýan metjidiň bezeg işlerinde ulanyljak serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ilki bilen Arkadag şäheriniň täze metjidiniň gurluşygynda ulanylýan serişdeler hem-de onuň bezeg işleriniň özboluşly aýratynlyklaryna degişli taslamalar bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze metjidiň bezeg işlerinde ulanylmagy meýilleşdirilýän serişdeleriň, metjidiň yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri, onuň bezeg aýratynlyklary barada hasabat berdi.
Gurluşygyna badalga berlen metjidiň umumy eýeleýän meýdany 12,9 gektara barabar bolup, onuň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribesi işjeň ulanylýar.
Şeýle hem bu ýerde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary görkezildi. Olaryň hatarynda  täze şäheriň “Saglyk” seýilgähiniň şekil taslamasy, täze seýilgähiň çäginde oturdylmagy meýilleşdirilýän baglaryň görnüşleri, suw çümdürimler, seýilgähiň yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri, suw çüwdürimlerine degişli taslamalar bar.
Mundan başga-da, bu ýerde Arkadag şäheriniň Gorjaw etrap  häkimliginiň edara binasynyň, Muzeý binasynyň, Saglyk öýüniň, Awtotoplumyň we bellige alyş nokadynyň, Demirýol menziliniň, Ýangyna garşy göreş gullugynyň, Söwda we hyzmat ediş toplumynyň, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem Arkadag futbol toparynyň ýörite nyşanlarynyň teklip edilýän görnüşleri görkezildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalaryň aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Şunda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, desgalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegi hem-de milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagy möhüm talap bolup durýar.


şu gün 19:38
234

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

şu gün 19:26
188

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 20:55
2.6k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......