Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministrini kabul etdi

  • 01.11.2023 23:59
  • 4k+

1-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleuny kabul etdi.  

Serdar Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri  Murat Nurtleu dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň berk binýadyna daýanýan, uzakmöhletleýin we strategik häsiýete eýe bolan  ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Biziň ýurtlarymyz BMG, ÝHHG, GDA, YHG ýaly we beýleki iri halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlyk edýärler. Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary formaty özüniň netijeliligini tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Gazagystan Respublikasyna öňde Astana şäherinde geçiriljek Türki döwletleriň guramasynyň 10-njy Sammitini üstünlikli geçirmegi arzuw etdi.
Ulag-logistika ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şeýle hem energetika pudagy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.
Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Özara Medeniýet günlerini, festiwallary guramak tejribesiniň dowam etdirilmeginiň, döredijilik we ylmy işgärleriň arasynda yzygiderli gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň bu ugurda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň baýlaşdyrylmagyna ýardam berýär.

 


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......