Türkmenistan we Koreýa Respublikasy Aşgabatda birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdiler

  • 01.11.2023 12:07
  • 12k+

31-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi:

 

Olar:

  • «Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Pusan milli uniwersitetiniň Koreý lukmançylyk mekdebiniň we Koreýa Respublikasynyň Koreý lukmançylygynyň ösüş milli institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama»;
  • «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyk»;
  • «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk Maksatnamasy».

Şeýle hem, şol gün Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Koreý uniwersitetiniň Lukmançylyk kollejiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.


14.05.2026 19:01
1.6k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......