Bişkekde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

  • 31.10.2023 14:44
  • 4.4k+

30-njy oktýabrda Bişkekde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory B.Mätliýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen Gyrgyz Respublikasynyň DIM-niň K.Dikambaýew adyndaky Diplomatik akademiýasynyň rektory Akylbek Kylyçewyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň DIM-niň HGI bilen Gyrgyzystanyň DIM-niň Diplomatik akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy we iki ýokary okuw jaýynyň arasynda akademiki we ylmy hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak ugrundaky özara ygrarlylyk tassyklandy. Taraplar bilelikdäki gözleg taslamalaryny we çäreleri guramak barada pikir alyşdylar.
Şol gün Diplomatik akademiýanyň binasynda türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň ösüşine bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Duşuşyga akademiýanyň mugallymlary we talyplary gatnaşdy.
Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn netijesi bellenildi. Ylym we bilim pudagynda netijeli gatnaşyklaryň giňelmegi, mundan beýläkki gatnaşyklar üçin ileri tutulýan ugur hökmünde görkezildi.


düýn 18:54
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......